garyp

[gary:p]

  1. Her bir zada mätäç adam, ykdysady taýdan hiç hili üpjünçiligi bolmadyk adam.

    • Men-ä garybam bolsam, özümi seniň bilen deňäp biljek däl. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Garyplar baýlar ýaly däl, olaryň durmuşy agyr hem bosa, özlerini pes tutmaýarlar. (B. Kebabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ol garyp gonşusy bir towuk edinse, şony hem görü- bilmezçilik ederdi.

    • Garybyň göwni synyk sözi döwük; ýetimiň boýny buruk, ýüzi soluk. (nakyl)

    • Garyp adam ýamanar, ýamanar-da guwanar. (nakyl)

    • Garybyň it hem ýagy, bit hem. (nakyl)

  2. Könelişen söz Çet ýurda düşen mysapyr.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem garyp - garyby.