garynlak

Garny ýasy, ullakan garynly.

  • Ussa garynlak we sakgally bir adamdy. (A. Durdyýew, Aýgytly ädim)

  • Ol wagt bu garynlakdy, indi onuň ýogyn garny çekilişipdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Şol wagt Öweziň özi uzyn boýly garynlak bir adam bilen horja bir kişi gapydan girdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol örän garynlak, düýrlenen gamyş ýaly epeý bolupdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem garynlak - garynlagy.