garyn1

  1. Iýmit siňdiriş trubkasynyň ýolynyň iň giň bölegi.

    • Egnimiz ýyrtyk däl, garnymyz aç däl, garaz nätjek, hiçbir zada mätäç däl.

    • Men çagalaryň garynlaryny nahardan doýurup bilýärin, emma başga edip biljek işim ýok.

    • Garny doka bela ýok. (nakyl)

    • Garny dokuň maly tükel. (nakyl)

    • Sen nany ýaly çekilipdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Sen nany iýip, garnyň üstünde şänik döwler ýaly edersiň. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Şol organyň içi arassalanyp içine gowurma, çig et salnan görnüşi, ine içine ýagly gawurma dykylan garyn.

    • Bu garny hem Meret Aga saňa toý paý iberdi -- diýip, Halnazar baýa eltip berdi! (B. Kerbababýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem garyn - garny.

garny gowzamak

Açlygyňy duýup başlamak, ajykmak.

  • Garny ýasy baýyň gepine gidip, özüm ýaly garybyň kakan göwresinde gan almak üçin göteremok. (B. Kerbabaýew, Aýgyly ädim)

  • Ana burny ýemiş, gözleri çukur, garny ýasy etlek bir söwdegär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

garny ýazmak

İýmitden pugta doýmak.

garyn otarmak

Iýip içmek, naharlanmak.

  • Dok möjekler gaba garyn çekendir, tire-tarapkeşlik tohmun ekendir.

garyn2

Könelişen söz 36 ýyla barabar bolan wagt.