garym

  1. Päsgelçilik üçin giň we uzyn edilip gazylýan çukur.

    • Ol metjinden gaýdandan soň, uly garymdaky düýeleri synlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýokary öýüň ýeňsesinde daşyna garym gazylyp çalmar edilen düýe agyly görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Nazar baýyň öýlerini, düýe garymlaryny bizin aldygymyz bolar -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Öz ýakýan oduňa özüň bişersiň, öz gazan garymyňa özüň düşersiň. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Garymyň içi bir suwdan dolup, işlemek mümkin bolmady. («Mydam taýýar» gazeti)

  2. Silos etmek, galla gömmek we ş. m. üçin gazylan çukur.

    • Giň garymlarda ekilen limonlary görkezdi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Silos etmek üçin ýärite taýýarlanyp goýlan garymlar göz öňüme gelýärdi.

garymyn gazmak

Öňünde alajyn etmek, çäresini görmek, öňüni almak.