garylmak işlik

[ga:rylmak]

  1. Biri-birine gatyşdyrylmak, garyşdyrylmak, goşulmak.

    • Birnäçe işçi bolsa semente garyljak gumy tordan geçirýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Nemes soldatlaryndan doly eşelon, Başaşak düňderilip guma garyldy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Ýakmaz zat iýip ýa-da ökder ýadap kesellemek (guş, at hakda).