garyljyk

[ga:ryljyk]

Açyk däl, boguk, tutuk, garyşyk (ses hakda).

  • Nursoltan garyljyk ses bilen gygyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ol garyljyk ses bilen dowam etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Halnazar ýogyn garyljyk ses bilen helme urdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Dodagyny eliniň aýasyny bilen süpürdi-de, garyljyk ses bilen gygyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem garyljyk - garyljygy.