gary

  1. Goýun, geçi we ş. m. mallaryň dyzy bilen toýnagynyň aralygy, injik.

    • Guýrugy küle, erinlek köpek Meleguşuň ýanynda garysyny ýassanyp, güne meýmiräp ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Atyň ahyrynyň bärisinde iki garysyny ýassanyp ýatan köpek jabjynyp üýrdi-de günbatara tarap ýüzlendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bir syhly yzyna garanjaklaýan Çerkez, möjegiň uzyn-uzyn palanlyny, iň soňunda garysyny ýassanyp galanyny saýgardy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  2. Ýarym gulaja barabar ölçeg birligi.

    • Telpek geýip, töwereginden bäş-alty gary bizi aýla. («Görogly» eposy)

garyňa daýanmak

Öz gaýratyňa daýanmak, özüňe gerek işi özüň etmek, her bir zada özüň hötde gelmek.

  • Kakaň hem kakaň welin, öz garyňa daýanmak gerek. («Tokmak» žurnaly)

garyňa galmak

Ýatan ýeriň den çalt turmak, dikelmek.