garsak1

Zoologiýa Çöllükde ýaşaýan gysgajykaýakly, gymmat baha derili tilki çagasyna meňzeş kiçijik haýwan.

  • Ýeňseki düzlükden bir garsak tutduk.

  • Awçylar garsagy derisi üçin awlaýarlar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem garsak - garsagy.

garsak2

Gyzlaryň bäş sany togalajyk daşy oklap hem gapyp oýnaýan oýny, bäşdaş.

  • Gyzlar bäşdaş bilen garsak oýnaýardylar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem garsak - garsagy.