garry sypat

Garrylyk ýaşyna ýeten, garrap ýaşy has hem könelişen.

  • Görülmedik şadyýanlyk kolhozda, Ýigitde, garryda, gelinde gyzda. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Onuň garry atasy Gylyç Mergeniň ýüreginde öňki söýgüsiniň üstüne agtygyna berk ynanç döredi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Garry oýnasa, gaý turar. (nakyl)

  • Garry hem bolsa gyz ýagşy, egri hem bolsa ýol ýagşy. (nakyl)

garry gyz

seret gyz

  • Garry gyz aldyň-la, balam! Bir wagt kemala geldiň-le, balam! («Sowet edebiýaty» žurnaly)