garramak işlik

Garry bolmak, ýaşyň körelişmek.

  • Aýna alty aýda, belki, alty ýyllyk garrandyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Dünýäni görmän, obamyzda garradyk. (A. Gowşudoz, Köpetdagyn eteginde)

  • Dogrusy, köpüsi her ýyl planda bellenip, hyýal bilen garrady. («Tokmak» žurnaly)

  • Ol ýolbars örän garrapdyr. («Türkmen Ahlk Ertekiler Ýygyndysy)

  • At garrar, meýdan garramaz, ýigit garrar, heňňam garramaz. (nakyl)

  • Toýa garramak ýok. (nakyl)

gazygynda garrasyn

Öýlenen ýigidiň gelin bilen baky ýaşamagy arzuw edilip, gelin edinen ene-atalara gutlag manysynda aýdylýan aňlatma.