garpyz

Botanika Kädiler maşgalasyndan bolan bossan ekini we onuň ullakan togala süýji hasyly.

  • Bu garpyzyň içi köz ýaly eken. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Süýnmek, togalak garpyzlar çaknyşyp ýatyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Men şu ýyl gumda ürgün çäganiň hem üstüne düme garpyz ekjekdirin. (A. Gowşudow. Köpetdagyn eteginde)

  • Olaryň ýüzi garpyzyň paçagy ýaly ýylmanak görünýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Garpyz çigidi bilen gowurgany tapsa-da edil palaw ýaly görýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Bir elde iki garpyz tutdurmaz. (nakyl)

aýakly garpyz

Pes boýly, togalak adam, garynlak çaklaň adam.