garmak işlik

[ga:rmak]

Bir zady ikinji bir zat bilen goşmak, garjamak.

  • Kolhozyň iýmiti gyt bolmasa-da, Aýsoltan Laçynyň iýmitine ýumurtga garyp bermegi haýyş edýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Saçypdyrlar ol jennetiň zerini, Garypdyrlar gulman bilen hüýrüni. («Görogly» eposy)

el garmak

seret el

  • Merýem, bu senmi, saňa el bardylarmy? (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan Ogly)

tozana garmak

seret tozan

  • Şu minutyň özünde seni bir tozana garsamdym. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň Gyzy)