garlawaç

[garlawa:ç]

Zoologiýa Serçeler otrýadyndan bolan inçe uzyn çowly ganatly, guýrugynyň ortasy gädik, çalt uçýan, petekesi akja, kiçijik garaja guş.

  • Emma onuň gysgajyk boýy, näzijek elleri tüýnük ýüpüne ýetmän, garlawaç dostlugyna görä ejesiniň köýneginden asylypdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Köne adatlary oklap, Durmuşymyz tämiz saklap, Garlawaç dek ganat bekläp, Ruha ruh goşdy kanun. (Durdy Gylyç, Goşgular)

  • Töräň gara atyn münüp, Lal uçdy garlawaç ýaly. (Çary Aşyr, Poemalar)

  • Osetin obajygy garlawajyň höwürtgesi ýaly bolup görünýärdi. (M. Ý. Lermontow, Biziň Zamanymyzyň Gahymany)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem garlawaç - garlawajy.