gark

gark bolmak

Suwuň düýbüne gitmek, suwa batyp ölmek.

  • Adamlar gark bolupdyr. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Içýan bolsa suwa gark bolup, ölüp galypdyr. («Türkmen Halak Ertekiler Ýygyndysy»)

  • Namarda zar bolandan, gara derýa gark bol. (Magtymguly-Pyragy)

gark etmek

  1. Suwuň düýbüne batyrmak, suwa gidermek.

    • Suw güýjäp, gark etdi ony, Gitdi ol suwuň teýine. (Çary Aşyr, Poemalar)

  2. Halys doýurmak, basdyryp suwarmak, peli doldurup suw tutmak.

    • Ekini gark etdim, entekler suwsamaz.

gark urmak

Erbet üsgürmek, bir syhly üsgürmek.

  • Hasar gark urmaga başlady. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)

  • Sözüni gutardy-da, han içini tutup, gark urup aşak oturdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

pikir derýasyna gark bolmak

seret pikir

  • Pikir derýasyna gark bolan Muhammet oňa bir bada batyrgaý jogap berip bilmedi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)