garjykmak işlik

[ga:rjykmak]

Gyryk bolmak, gyrylmak.

  • Onuň sesi garjygyp gitdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem garjykmak - garjygýar, garjygar, garjygypdyr.