gargyş

Birine erbet zady arzuw edilip aýdylýan ters dileg, paýyş söz, sögünç, nälet, ýigrenç.

  • Indi uly iliň alkyşyna garşy bir adamyň gargyşy gör näme iş bitirerkä? (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Şol gargyşlaryň hemmesiniň hiçbir peýdä bermejegini bilip, ol aýal sesini kesdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Itiň gargyşy gurda ýokmaz. (nakyl)

gargyş ýagdyrmak

Birsyhly gargamak, gargyş edip käýinmek.

  • Şemsiýe uzak sözledi, zeýrendi, Pehlewä gargyş ýagdyrdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)