gargy

Botanika Syrdam ösýän, bogun-bogun, uzyn ýogyn gamyş.

  • Çekilip gerlen simiň üstünden gargy goýulýar. (W. Z. Poýenko, Ýüpekçilik Boýunja Öňde Baryjy Tejribe)

gargy tüýdük

seret tüýdük

  • Çopanyň gargy tüýdügi ýaňlanýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sakçylar gargy tüýdük çalyp, aýdym aýdýarlar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)