garganmak işlik

  1. Birine gargamak, gargyş edip oturmak, nälet etmek.

    • Deýýus gara gyrnak, gara tozmak ýaly garganyp oturmakdan başga işiň ýok. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan Ogly)

    • Hernä eýgilik garasyny görmädiň-dä! -- diýip gargandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Halnazara gargandy-da, çorluja ýalanaç aýaklaryny biri-biriniň öňüne taşlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Birine paýyş söz aýtmak.

  3. Göçme manyda Bir zada jibrinip käýinmek.

    • Garganyp ýörmek.