gargamak işlik

  1. Gargyş etmek, näletlemek.

    • Oglum, «Jany agyran Taňrysyna gargar» diýipdirler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Paýyş sözler aýtmak, sögmek.

    • Elbetde, pehlewä sögüp-gargamak bilen täji-tagtdan el çekdirmek mümkün däl. (M. Ibrahimow, Ol Gün geler)

    • Baýaryň oňa sähel bir zat üçin: --it ogly, doňuz ogly -- diýip gargaýanyndan onuň habary ýokdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)