garga

  1. Zoologiýa Ýalpyldawuk gara elekli, gagyldap seslenýän we ala-gara reňkde bolan uly guş.

    • Ýyl aşan tohumyň ýarysyny gargalar çöpledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Garga garganyň gözüni çokmaz. (nakyl)

    • Garga müň gagyrsa-da ýaz çykmaz, gaz bir gagyrsa-ýaz. (nakyl)

  2. Göçme manyda Mekir, hilegär.

    • Aý, ol gargadyr, seniň duzagyňa düşmez. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)