gardaş

  1. Erkek dogan.

    • Meniň iň uly gardaşymyň iki ogly bar.

  2. Erkek adama ýüz tutulyp aýdylýan söz.

    • Bilýän bolsaň, gardaş, gowaça bir aýlan. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Hawa, gardaş, Nurjahan eje meni hem ýatdan çykarmandyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Tekeli ilinden gelen gardaşym, körpe guzy Röwşen jandan bildiňmi? («Görogly» eposy)