garbanmak işlik

  1. Döwüm-dişlem çörek iýmek, doýar-doýmaz nahar edinmek, ýeňiljek nahar iýmek.

    • Oraz aga, bir iki agyz garbanyp gidäýseňiz gowy bolardy. («Kolhoz Günleri»)

    • Aý ogul, gel bir agyz çörek garban, soň ýene işläber -- diýdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Meniň maşgalam garbanmaga zat tapmaz, aç ýatyp, aç turýa, onuň iti hem bugdaý çöreginden ýüz öwürýä. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Obada edere iş, garbanara zat tapmadyk aç daýhan bazara dökülipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Näumyt galmak, hiç zatsyz galmak, sermenmek.

    • Eger-de biz olaryň şu pikirini puja çykaryp biläýsek, onda olar düýbünden garbanyp galarlar. (M. Gorkiý, Ene)