garbamak işlik

Zady nebsewürlik bilen hasyr-husur almak, çalasyn almak, ur-tut almak.

  • Şol oglanyň elinden garny garbap alyp, açyk gapydan dazyrdadyp zyňdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Garga tilkiniň gözünden çokjak bolup, çüňküni ýaňy uzadyp barýarka, tilki birden turup, gargany agzy bilen garbap alýar. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

  • Ol haltajygy garbap aldy, onuň içinde hiç zat ýokdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

ýer garbamak

seret ýer

  • Seniň iki ýanyňdan eňseňe düwündirerler: agzyň ýer garbar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)