Bir zady goramak, saklamak üçin ýa-da biwagt adam barmagy gadagan edilen ýere goýulýan sakçy.
Mawy birnäçe gün bundan ozal, Eziziň saraýyna garawul bolan gijesi birnäçe ýaraglaryň düýä ýüklenenini görüpdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Men şu gün şäher magazininiň direktoryny gördüm. Ol maňa: --Magazine gije garawul bol! -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Nyşana almak üçin hyzmat edýän, tüpeňiň hiliňiň ujundaky çykyp duranja demir.
Tüpeňiň garawuly.
Nyşana almak.
Ýas ýerinde ölen adamynyň meýdiniň ýanynda durýan adam.