Mal-gara, guş gelmezlik üçin ekiniň içinde adama meňzedilip goýulýan şekil, agaçdan we ş. m. edilen göwre.
Garantga ýaly bolup duran Elli hoş geldä öz syryny aňlatjak boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Men saňa garantga diýemok. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Uly ýoluň ýakasynda asylyp duran Horaz bagşy bir garaşda ekiniň içindäki garantga ýaly görünse, ikinji garaşda gyjytly gygyrýan jarçyny ýada saýlardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ata sömelek bir gowaçanyň düýbünde dikilen garantga ýaly sömelip durýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Bu bolsa yzda brigadir ýa-da zweno başlygyny görse, garantga ýaly sömelip durýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)