[gara:ly]
Botanika Gögümtil-gara reňkli, iýilýän we togalak-süýri miwe getirýän agaç hem-de onuň miwesi.
Garalynyň we şetdalynyň sahalarynda pomidoryň düwünçekläp, gyzaryşyp oturmagy gaty geň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Onda erik-de, alma-da ülje-de, garaly-da, şetdaly-da, hatda nar-da bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Günäsi bar bolan, günäli, ýazykly.
Polikeý biabraý we garaly adamdy. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)