garalmak1 işlik

  1. Gara bolmak, gara reňke öwrülmek.

    • Proýawitelde köp saklansa, surat garalýar.

  2. Bozulyp başlamak, üýtgemek (hawa hakynda).

    • Bulut gelip, hawanyň ýüzi garaldy.

  3. Göçme manyda Bişmek, ýetişmek.

    • Üzümler eýýäm garalypdyr.

  4. Garaňky düşüp başlamak.

    • Bu wagt ýaňy iňrigiň garalyp barýan wagtydy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  5. Uzakdan görünmek, çala mälim bolmak.

    • Göwnüme bolmasa, ol tamyň düýbünde bir zat garaldy, nämedigini açyk saýgaryp bilmedim.

garalmak2 işlik

Ara alnyp maslahatlaşlmak, seredilmek.

  • Ýygnakda iki mesele garaldy.