garalamak işlik

  1. Reňkini gara etmek, gara reňke öwürmek.

  2. Hapa degirmek, hapalamak.

    • Elimi garaladym.

  3. Göçme manyda Töhmet atmak, ýamanlamak.

    • Mähriniň özlerini garalap gidenini hem duýmadylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  4. Töwereginden seredip ýörmek, gözden ýitirmän, yzyna düşmek, gözegçilik etmek.

    • Wüşi kel töweregimizden garalap ýörüpdir. (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde)

  5. Ýag çalmak, arassalamak.

    • Ädigimi özüm garaladym.