garakölçülik

[garakö:lçülik]

Oba hojalygynyň bir pudagy hökmünde garaköli goýunlary ösdürip ýetişdirmeklik.

  • «Komsomol» garakölçülik sowhozy şu ýylyň iýun aýynda guruldy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • «Rawnina» garakölçülik sowhozynyň çopanlary her ýüz ene goýundan bir ýüz ýigrimi bäş guzy aldylar. («Kolhoz günleri»)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem garakölçülik - garakölçüligi.