garaguş ga‧ra‧guş 1 at

Zoologiýa Laçynlar maşgalasyndan bolup, daglyk we çöllük ýerlerde ýaşaýan, et iýýän ýyrtyjy we güýçli, çüňki egri guş.

  • Kä ýerde garaguşlar gaýmalaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sähradaky sürülerimize garaguş çozupdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem garaguş - garaguşum, garaguşuň.

garaguş ga‧ra‧guş 2 at

Medisina Tutanda el-aýagy sandyrap, agzyny köpürjikledip, huşuňy ýitirdýän nerw keseli, epilepsiýa.

  • Onuň garaguşy tutdy-da, arkan gaýtdy.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem garaguş - garaguşum, garaguşuň.

garaguş agyryly

seret garaguşly

  • Hemişeler garaguşy agyryly adam köp bolýardy, indi azaplydyr.


Duş gelýän formalary
  • garaguşa
  • garaguşdan
  • garaguşdy
  • garaguşlar
  • garaguşlara
  • garaguşlarda
  • garaguşlardan
  • garaguşlardanam
  • garaguşlaryň
  • garaguşuň
  • garaguşy