Biriniň ýa bir zadyň geler wagty bolýança sagynmak, durmak, göz dikmek.
Men Aşyra garaşýaryn. Ol saňa sabyrsyzlyk bilen garaşýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Eziz bir salym garaşandan soň, olara sorag berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Sen onuň görýän çäresine garaşma-da kyn ýagdaýdan baş çykarmagy öwren. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol, soraga-da garaşman, öz akylynyň ýetişine görä, düşündirip başlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)