garaňkylyk ga‧raň‧ky‧lyk

  1. Ýagtylygyň bolmazlygy, tümlük.

    • Çaýçy gözlerini petredip, giň sährany bürän garaňkylyga seretdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Emma Mehinliniň yzda galmagy, gitjek ýolunyň garaňkylygy ony biraz ikirjiňletdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Goýy garaňkylyk, göýä gara perde emaýlyk bilen syrylýan ýaly, günbatara baka düýrülýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Eýýäm garaňkylyk örtüp barýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Göçme manyda Medeniýetden yza galaklyk, nadanlyk.

    • Nursuz gara bulutlar, üstümizde gezerdi, Garaňkylyk, nadanlyk ili torlap ezerdi. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem garaňkylyk - garaňkylygy.


Duş gelýän formalary
  • garaňkylyga
  • garaňkylygam
  • garaňkylygy
  • garaňkylygyna
  • garaňkylygynda
  • garaňkylygyndanmy
  • garaňkylygynyň
  • garaňkylygyň
  • garaňkylykda
  • garaňkylykdaky
  • garaňkylykdan
  • garaňkylykdy
  • garaňkylykly