garaňky sypat

  1. Ýagty düşmeýän, ýagty däl, yşyksyz.

    • Ümsüm garaňkyda dokladçynyň sözi pert-pert ýaňlanýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Garaňkyda ýöreseň büdürärsiň. (nakyl)

  2. Göçme manyda Düşnüksiz aýdyň däl, gümürtik, şübheli.

    • Eýsem, size garaňky ýeri nämede? -- diýip sorady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

garaňky gatlyşmak

Garaňkyrap başlamak, garaňky düşmek, iňrik garalmak.

  • Garaňky gatlyşanda, towuklar ketegine ýygnanýar.