Reňki gara bolan, bugdaý reňkden hem gararak.
Ol süňklek, garaýagsyz, burunlak bir oglandy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Beýleki gotraky, garaýagsyz ýaş ýigit bolup, hiçbir zat saýgarar ýaly däldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol ofiser at ýüzli, garaýagsyz, gara göz, gara gaş, otuz bäş-otuz ýedi ýaşlar çemeli bir adamdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Gurt gart agras garaýagyz ýüzüni sallap, sesini çykarman dymyp otyrdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)