gara ga‧ra sypat

  1. Kömrüň reňkinde bolan.

    • Gara keçe ak bolmaz, köne duşman -- dost. (nakyl)

  2. Nämedigini ýazgaryp bolmaýan zat, uzaklykdan görünýän predmet we ş. m.

    • Şol wagt bularyň gapdalynda bagçylygyň içinde iki sany gara salgym atdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Gaýraky üzümçilgiň çetinde bir gara göründi.

  3. Daş gabara, görnüş.

  4. Gör-bak, seret, äňet.

bagty gara

seret bagt

gara altyn

seret altyn

  • Nebite «gara altyn» diýip, ýöne ýerden aýtmandyrlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gara bagyr

seret bagyr

gara bagyr bolmak

seret bagyr

gara basmak

Erbet düýş görüp basyrganmak, düýşüňde gorkup gygyrmak.

  • Ol gara basan ýaly bir hili ysgyndan düşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gara baş

seret baş

gara başyňa gaý bolmak

seret gaý

  • Bir adam çotuny şarkyldadyp gara başyna gaý bolup oturdy. (B Pürliýew, Ilkinji gün)

gara bermek

Bir ýere gelmek, barmak, görünmek, kämahal görnüp gitmek, uzakdan çala görnüp gitmek.

  • Emma Süri gara bermedi. (B Gurbanow, Duşuşyk)

  • Ene kimdir birine garaşýardy, emma hiç kim gara bermeýärdi. (M. Gorkiý, Ene)

gara burç

Botanika seret burç 2

  • Onuň ýüzüniň çep gapdalyndaky gara burç ýaly meňjagaza gözi ilende bolsa: --Muňa näme üçin Meňlijan diýmediler-kä! -- diýip oýlandy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gara çyn

seret çyn

  • Barmagyny burnuna golaý eltip, oňa gara çyny bilen seretdi. (M. Gorkiý, Ene)

gara depel

seret depel

gara dere batmak

seret der

  • Özem hammamdan çykan ýaly gara dere batypdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

gara donly bolmak

seret don

  • Hemmesine düşünýärin, ýüregim bilen jan edýärin, emma ýene men gara donly bolýaryn. («Mydam Taýýar» gazeti)

gara gaýgy

seret gaýgy

  • Gulluhan biziň gara gaýgymyz Ruslaryň gwardiýa gurany däl. (B. Kerbebaýew, Aýgytly ädim)

gara geýinmek

seret geýinmek

gara gotaz

Türkmen gyzlaryny çekgesinden sallap goýberýän tokga seçegi.

  • Serediň, şar gara saçlaryny maýdaja örüp, gara gotazyň bagy bilen şabyrdadyp, iki ýan çekgesinden goýberipdir. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

gara görnüm

seret görnüm

  • Gara görnüm gelenden soň atdan düşdi. («Görgörogly» eposy)

gara göz

seret göz

  • Ana gör, üstüň-başyň gara göz. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gara gözüm

seret göz

gara günler

seret gün

  • Adamynyň başyndan aýrylman durjak, zat ýok eken, ol gara günlerem geçdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

gara güýç

seret güýç

  • Abanyp gelýän gara güýç, pursady elden bermän, yza çekilmekligi talap edýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gara gyş

seret gyş

  • Ynha haý diýmän, gara gyş gelýär.

gara iş

seret

  • Mawy Akbijede galyp Türküstanda demir ýoluň gara işinde işledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gara işçi

seret işçi

  • Birnäçe gara işçiler bolsa Çary agadan başga başlyk bardyr hem öýtmeýärdiler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

gara jürjen

Inçemik gara ýüz, güne ýanyp garalan.

  • Wagonyň içinde gara jürjene bir oglan bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Beýlekisi bolsa gara jürjene ýiti gözli, inçemik oglandy. (B. Kerbabaýew, Çekişmän- Bekişmez)

gara mal

seret mal

  • Kolhozyň gara mal fermasy.

gara nebis

Erbet nebis, haram nebis.

  • Ol gara nebis üçin her hili iş etmekden gaçmaz. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

gara salmak

gara suw bolmak

seret suw

  • Iki gat ýorganyň aşagynda ýatyp derledim, gara suw boldum.

gara suwag

seret suwag

gara sürtmek

Birini garalamak, ýalandan günä ýüklemek.

  • Perişde ýaly Päkize maşgala gara sürtjek bolmaň näme?! («Türkmen pýesalary»)

gara ýanyk bolmak

seret ýanyk

  • Adamlaryň ýüzleri gara ýanyk boldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

gara ýokdurmak

Tegmil etmek, hapalamak, töhmet atmak, masgaralamak, myjabat atmak.

gara ýüklemek

Günäkär etmek, günä ýüklemek.

  • Atabaýa sürteňde ýokmaz garany ýüklän menmi? («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gara ýürek

seret ýürek 1

  • Ýelli bet adam, ol tüýs gara ýürek. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Gara ýürek müňkürler, Berýär maňa her hil at. (B. Kerbabaýew, Poemalar)

garadan gaýtmaz

  1. Hiçbir zatdan gorkmaýan, çekinmeýän, gaýduwsyz.

    • Onuň diňe bir garadan gaýtmaz iki sany ogly bardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Ýüzi galyň, her bir zat üçin ulanylýan (ýiti ýarag hakynda).

    • Garadan gaýtmaz pyçak.

garaňy saýlamak

Biriniň ýanyndan kowlup gitmek, bir ýerden çykyp gitmek, göterilmek.

  • Elli, ätişgir bilen agzyňy gan ýalan ganjyga döndermänkäm, şu taýdan garany saýla, hany gal! -- diýdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

garaňy ýuwmak

Eden günäňi ýuwmak.

  • Meniň garamy ýuwmaga, meni hondan bärsi adam edip görkezmäge çalyşýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

garasy ýitmek

Gözden ýitmek gorizontda görünmezlik.

  • Şageldiniň garsy ýiten dessine, çopan janlandy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

peti gara

Şor maňlaý, alny gara, işi gaýdan, bagtsyz.

  • Bu peti garany öldüren bolaýmaýyn -- diýip gorkdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • garadan
  • garadandyr
  • garady
  • garadygymyz
  • garadygyna
  • garadygyny
  • garadyk
  • garadylar
  • garadym
  • garadyr
  • garaja
  • garajam
  • garajany
  • garajaň
  • garalar
  • garalara
  • garalaram
  • garalardy
  • garalary
  • garalaryna
  • garalarynda
  • garalaryny
  • garalaryň
  • garaly
  • garalyga
  • garalygy
  • garalygyna
  • garalygyny
  • garalygynyň
  • garalygyň
  • garalyk
  • garalylaryň
  • garalymy
  • garalynyň
  • garalyň
  • garam
  • garama
  • garamady
  • garamadygam
  • garamadyk
  • garamy
  • garamydy
  • garamyz
  • garamyzy
  • garamyzyň
  • garany
  • garanyň
  • garanyňam
  • gararagy
  • gararak
  • garasam
  • garasy
  • garasyna
  • garasynam
  • garasynda
  • garasyndan
  • garasyny
  • garasynyň
  • garasyz
  • garaň
  • garaňda
  • garaňy
  • garaňyz
  • garaňyzdan
  • garaňyzy