garşylyk at

  1. Edilýän hüjüme, herekete berilýän gaýtawul.

    • Aman poşçy hem garşylyk görkezjek bolup durmady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Olar ýerli ilatyň batyrgaý garşylygyna duçar boldular. (Gadymy dünýä taryhy)

    • Haýwan hem soýjak bolanyňda, öz gurbuna görä garşylyk görkezýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Pikiriň, düşünjäniň biri-birine tersligi, gapma-garşylygy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem garşylyk - garşylygy.


Duş gelýän formalary
  • garşylyga
  • garşylygam
  • garşylygy
  • garşylygy-da
  • garşylygydyr
  • garşylygym
  • garşylygymyz
  • garşylygyna
  • garşylygynda
  • garşylygyndaky
  • garşylygyndan
  • garşylygyny
  • garşylygynyň
  • garşylygyň
  • garşylygyňy
  • garşylykda
  • garşylykdadyr
  • garşylykdaky
  • garşylykdan
  • garşylykdyr
  • garşylyklar
  • garşylyklara
  • garşylyklarda
  • garşylyklardaky
  • garşylyklardan
  • garşylyklardyr
  • garşylyklary
  • garşylyklaryna
  • garşylyklaryndaky
  • garşylyklaryndan
  • garşylyklaryny
  • garşylyklarynyň
  • garşylyklaryň
  • garşylyklaýyn
  • garşylykly
  • garşylyklydyr
  • garşylyklydyrlar
  • garşylyksyz
  • garşylyksyzlyk