garşylamak işlik

Öňünden çykmak, garşy almak.

  • Arçyn özüniň agasyny ýere gadyrlylyk bilen garşylady. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Öwez göwünli-göwünsiz ýerinden turup Garajany garşylady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Emma Nurjahan ony öz ogly ýaly garşylady. Atly polk Kuropatkin köçesine girende, şäher halky olary gül bilen garşylady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Şapak ýaşyp, ýaňy bolanda ýassy, Kakçy Gadam garşylady Iwany. (N. Pomma, Goşgular)


Duş gelýän formalary
  • garşylady
  • garşyladylar
  • garşylajagyny
  • garşylajak
  • garşylajakdyklaryny
  • garşylama
  • garşylamaga
  • garşylamagy
  • garşylamagym
  • garşylamagyň
  • garşylamagyňyzy
  • garşylamak
  • garşylamaklary
  • garşylamaklarynyň
  • garşylamakçy
  • garşylamaly
  • garşylamalydygyny
  • garşylaman
  • garşylamaýan
  • garşylan
  • garşylanam
  • garşylanda
  • garşylandy
  • garşylandygy
  • garşylandygyny
  • garşylanlardan
  • garşylanlarynda
  • garşylany
  • garşylanym
  • garşylanymdan
  • garşylanyna
  • garşylap
  • garşylapdy
  • garşylapdyr
  • garşylapdyrlar
  • garşylar
  • garşylardy
  • garşylardylar
  • garşylarlar
  • garşylary
  • garşylaryna
  • garşylaryndan
  • garşylarys
  • garşylasaň
  • garşylaýan
  • garşylaýanlaryň
  • garşylaýanlygy
  • garşylaýany
  • garşylaýar
  • garşylaýardy
  • garşylaýarlar
  • garşylaýarsyň
  • garşylaýarys
  • garşylaýmasa
  • garşylaýyn
  • garşylaň