garçygaý

Awa salynýan elguşuň bir görnüşi.

  • Bir toýda şol aty aç garşygaý-elguşy bilen hem ýaryşdyrdylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Ýene jan gaflat düýşünde, Bir garçygaý tora düşdüm. Bir garçygaý mähribanyň, Gözümden bigäne boldy. («Görogly» eposy)

  • Tora düşen aç garçygaý bakyşlym, Kanda meniň gara gözlim görünmez. («Türkmen Halk Şahyryna Döredijiligi»)