gar

[ga:r]

Suw kristaljyklary görnüşinden ybarat bolup, gyşyna düşýän ak tozgajyk ýaly atmosfera ýaly.

  • Gar gatyşykly şowlaýan şemal esgerleriň içinden geçýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Gar kimin ak pagtamyzdan reňk alan ak bulutlar gök ýüzünde görýärler. (R. Seýidow, Eserler)

  • Gar «ýagdysy» diýip begenme, aýazy bardyr; işan «geldi» diýip begenme, nyýazy bardyr. (nakyl)

gar awusy

Gar ýagmazdan öňki ýiti sowuk.

  • Howa erbet bulaşypdyr, gar awusy bar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

petiňe gar ýagmak

Işiň gaýtmak, bagtyň ýatmak.

  • Petime gar ýagdy meniň, Eý arçyn, öýüň ýykylsyn! (Çary Aşyr, Poemalar)

ýüzünden gar ýagmak

seret ýüz1

  • Berdi aganyň ýüzünden gar ýagýar, serederligi ýok. (A Durdaýew, Saýlanan eserler)