gapyrjak ga‧pyr‧jak

Tagtadan, demirden ýa-da kartondan ýasalan ýaşçik, guty.

  • Ony gabyr gapyrjagy ýaly darajyk polkada ýatyryp, aralarynda garawul durardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol ýassygynyň aşagynda mahorka gapyrjagyny alyp çilim ýasamaga durdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gapyrjak - gapyrjagy.


Duş gelýän formalary
  • gapyrjaga
  • gapyrjagy
  • gapyrjagy-da
  • gapyrjagyna
  • gapyrjagynda
  • gapyrjagyndan
  • gapyrjagyny
  • gapyrjagyň
  • gapyrjakda
  • gapyrjakdan
  • gapyrjakdy
  • gapyrjaklara
  • gapyrjaklarda
  • gapyrjaklardaky
  • gapyrjaklardan
  • gapyrjaklary
  • gapyrjaklaryny
  • gapyrjaklarynyň
  • gapyrjakly