gapyrga

Oňurga süňki bilen döşi birleşdirýän ýasy plastinka görnüşli uzyn süňki.

  • Derňew organlary bulardan ýüz görüp, gapyrga syrmasa gerek. («Tekmak» žurnaly)

  • Sen aýyp görme, meniň ezilmedik gapyrgam galan däldir. (M. Imrahimow, Ol gün geler)

  • Ýüz görüp, gapyrga syrma. (nakyl)

gapyrgalaryny sanabermeli

Gaty hor, arryk.