gapy at

  1. Jaýa girmek üçin ötelge, girelge, agyz.

    • Bahar bilen çykyp gitdi içerden, Baryp hasapçylaň açdy gapysyn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Jaýyň agzyna oturdylýan gabsa, işik.

    • Agaç ussalarynyň ýanynda taýyn gapylar dur. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Öýüň işiginiň öňi, öň tarapy.

    • Gapymda ýolbars saklap, öýümde arkaýyn ýatyp bilmen. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gapy haky

Könelişen söz Gelin edinilende: Gelinlik gyz alnyp gaýdyljak bolanda, işik tutup duranlara hem-de getirilen gelin bir jaýa saljak bolanlarynda işigi tutup duranlara berilýän pul.

gapy syrmak

Işikme-işik aýlanmak.

gapy tutmak

Könelişen söz Pul almak maksady bilen çykarylýan gyzyň oturan öýüniň işigini açman saklamak, şeýle hem gelin salynjak işigi açman saklamak.

ýedi gapyda

Ýer tapmadyk- belli bir ýerde orun tutmaýan, hemme ýerden kowlup ýören.