gapmak gap‧mak işlik

  1. Oklanan zady ýere düşürmän, howada tutmak.

    • Top urlandan soň, kim öňürti gapsa, ol aýny alyp baryjy bolýar. («Pioner» žurnaly)

  2. Agyz urmak, agyz salmak, dişlemek.

    • Oňa agyzdyryk saljak bolanda bolsa, alaşa dodaklaryny gymyldadyp, oýun edip, Artygyň elini gapdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Düýe köşegini gowy görse, hem deper, hem gapar. (nakyl)

  3. Göçme manyda Iýmek.

    • Bäş menzilden bedew atlar çapar men, Her menzilde sermes guzy gapar men. («Görogly» eposy)

göz gapmak

seret göz

  • Gözleriň gapypdyr şübhe tüssesi. (M. Gorkiý, Saýlanan eserler)

gulagyňy gapmak

seret gulak

  • Şeýle ýakyndan atylmagy zararly gulemýotyň sesi hem galagyňy gapyp barýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

sesini gapmak

seret ses

  • Gap sesiňi, öljegiňe gülýärmiň? -- diýipdir. («Türkmen Halk Ertekiler ýygyndysy»)


Duş gelýän formalary
  • gapam
  • gapan
  • gapana
  • gapanda
  • gapandan
  • gapandyr
  • gapanlar
  • gapanlary
  • gapanlaryny
  • gapanlaryň
  • gapany
  • gapanyna
  • gapanyny
  • gapanynyň
  • gapanyň
  • gapar
  • gapardym
  • gaparmy
  • gapaýmakdan
  • gapaýmasyn
  • gapdy
  • gapdym
  • gapdyr
  • gapjagy
  • gapjagyna
  • gapjak
  • gapma
  • gapmaga
  • gapmagy
  • gapmagynyň
  • gapmak
  • gapmaly
  • gapmasyn
  • gapmaz
  • gapsa
  • gapsa-da
  • gapsaň
  • gapsyn
  • gapyp
  • gapypdy
  • gapypdyr
  • gapyň
  • gapýan
  • gapýar
  • gapýardy