gaplamak işlik

[ga:plamak]

  1. Gaba salmak, gaba ýerleşdirmek.

  2. Matanyň içine ýüň, pagta salyp ýorgan etmek.

    • Bularyň üçüsini-de bile gaplaýajakmy? («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Täze ýorgan gapladylar.

  3. Göçme manyda Gabsap almak, örtülmek, bürelmek.

    • Goýy tütün asmany gaplady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Birdenkä güýçlenip, älem jahany gaplan uly ýel boldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)


Duş gelýän formalary
  • gaplady
  • gapladylar
  • gaplama
  • gaplamaga
  • gaplamagy
  • gaplamagyň
  • gaplamak
  • gaplamakda
  • gaplamaklyga
  • gaplamaklygy
  • gaplamaklyk
  • gaplamalar
  • gaplamaly
  • gaplamany
  • gaplamanyň
  • gaplamazdan
  • gaplamaýan
  • gaplan
  • gaplandy
  • gaplanyň
  • gaplap
  • gaplapdy
  • gaplapdyr
  • gaplar
  • gaplara
  • gaplarda
  • gaplardan
  • gaplardy
  • gaplardyr
  • gaplary
  • gaplarymyzy
  • gaplaryna
  • gaplaryndan
  • gaplaryny
  • gaplaryňy
  • gaplaryňyzy
  • gaplasa
  • gaplaýan
  • gaplaýar
  • gaplaýarlar
  • gaplaýmaly
  • gaplaň