gapböwür

[ga:pböwür]

Öýüň gap-gaç goýulýan böwri, tarapy.

  • Käse gapböwürdäki tagana degip, jyňňyrdy bilen pytrady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Öýüň gapböwründäki gorly küýze, täze gaýdyp gelen gelin ýaly, bürenip otyrdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem gapböwür - gapböwrüm, gapböwrüň, gapböwri.