gapan1

Üstüne basan haýwanlary gapjap tutýan demir gural.

  • Tilki mekir bolsa-da, ätlän ýeri gapandyr. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Mergenler gapandan peýdalanmagy hem maslahat beripdir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

gapan2

Agyr we uly zatlar ölçelýän çekim guraly, uly terezi.

  • Ol günde telim gezek gelýän ýük maşynynyň üstündäki bugdaýly çuwaly göterip, gapanda çekip, ammara dökerdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)