gapaklamak işlik

  1. Agzyna gapak ýapmak bilen agzyny berkitmek.

    • Gazanyň agzyny gapaklamak.

  2. Dutaryň gapagyny oturtmak.

    • Ussa dutary gapaklapdyr, indi perdelerini geýdirýär.

  3. Ýagyş ýagandan soň ekilen ýerin ýüzünde gapak emele gelmek.

    • Ýeriň ýüzi gapaklanda, ony owratmaly. («Mydam taýýar» gazeti)

    • Her gezekki ýumşatmakly giň maksady haşal otlaryň gögerip çykmagy we ýeriň gapaklamagy bilen kesgitlenilýär. (W. Z. Raýenko, Ýüpekçilik boýunça öňde baryjy tejribe)


Duş gelýän formalary
  • gapaklady
  • gapaklama
  • gapaklamagy
  • gapaklamak
  • gapaklamasynyň
  • gapaklan
  • gapaklanda
  • gapaklap
  • gapaklapdyr
  • gapaklar
  • gapaklardan
  • gapaklary
  • gapaklaryna
  • gapaklaryny
  • gapaklaýar