gapak

  1. Gazanyň, çäýnegiň, çelegiň we ş. m. agyz ýapysy.

    • Soň özüm çykdy-da köwşüni geýmäge durdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Garrynyň gataňsy barmaklary gaýnap duran gazanyň gapagyny galdyranda çekdirmäniň ysy tamyň içini tutdy. (K. Işanow, Watan üçin)

  2. Dutaryň gundagynyň ýüzi.

    • Şükür dutarynyň gapagyna kakyp başlady. (N. Saryhanow, Şükür Bagşy)

  3. Mekdep partasynyň açylyp-ýapylýan ýasy bölegi.

    • Oglan partasynyň gapagyny çalaja açdy. («Pioner» žurnaly)

  4. Ýagyş ýagandan soň, ekilen ýeriň üstünde emele gelýän bölejik-bölejik gyrmança, gatan ýukajyk ýer gatlagy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gapak - gapagy.