gap gap

[ga:p]

  1. Içine her hili zat salynýan halta, çuwal we ş. m. zatlar.

    • Onuň bilinden sallanýan gapda alty okly nagan bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Nahar we suwuk zatlar guýulýan gazan, bedre, jam we ş. m. predmetler.

    • Bir ýandan egsilip başlady gaplar. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Olaryň öňlerinde dürli nahar gaplary üýşüp durdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  3. Zat salmak üçin ýörite ýasalan guty.

    • Podpolkownik papiros gabyny açyp, komandiriň öňünde goýdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gap - gabym, gabyň.

bir gap gurçuk

19 gram gurçuk tohumy.

  • Näçe gap gurçuk tutduň? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • gaba
  • gabady
  • gabadyk
  • gaby
  • gaby-da
  • gabydyr
  • gabym
  • gabymy
  • gabyn
  • gabyna
  • gabynda
  • gabyndaky
  • gabyndan
  • gabyny
  • gabynyň
  • gabyň
  • gabyňy
  • gapda
  • gapdaky
  • gapdan
  • gapdy
  • gapdym
  • gapdyr
  • gapja
  • gaplar
  • gaplara
  • gaplaram
  • gaplarda
  • gaplardaky
  • gaplardan
  • gaplardy
  • gaplardyr
  • gaplary
  • gaplary-da
  • gaplarymyzy
  • gaplaryna
  • gaplarynda
  • gaplaryndaky
  • gaplaryndan
  • gaplaryny
  • gaplarynyň
  • gaplaryň
  • gaplaryňy
  • gaplaryňyzy
  • gaply
  • gaplyk
  • gaplysy
  • gapsyz
  • gapsyzlyk