ganymat ga‧ny‧mat

[gany:mat]

Hiç neneň däl, ýaman däl, ortatap, kanagatlanarly, oňat.

  • Tomsuna ýene-de ganymat, her niçik-de bolsa baýyňkyda işläp, näme-de bolsa bir zat gazanýarsyň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Hudaýa şükür, ganymat! (M. Gorkiý, Ene)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ganymat - ganymady.


Duş gelýän formalary
  • ganymatdygy
  • ganymatdygymy
  • ganymatdygyny
  • ganymatdyr
  • ganymatlygy
  • ganymatmydyr